Pikirleri sanly hakykata öwürýäris

Ulgam integrasiýasy, programma üpjünçiligini döretmek, IT infrastrukturasy we kiberhowpsuzlyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge ukyply, sertifikatlaşdyrylan hünärmenler

Biz Aşgabatda ýerleşýän IT kompaniýasy

Kompaniýamyz, kynçylyklary mümkinçiliklere öwürýän iň täze çözgütleri hödürläp, innowasiýa ýoly bilen ösýär.

Hyzmatlar

Ulgam integrasiýasy

Ulgamlary integrirlemek tejribämiz, bize çylşyrymly IT ekosistemalarynda işlemäge we iş amallaryňyz üçin bitewi we tertipli gurşaw döretmek üçin dürli tehnologiýalary birleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Programma üpjünçiligini işläp düzmek

Siziň zerurlyklaryňyzy kanagatlandyrmak üçin ýerli, Türkmenistanda döredilen programma üpjünçiligi çözgütleri.

IT infrastrukturasyny gurnamak we hyzmat etmek

Ýerli toparymyz tarapyndan ygtybarly we howpsuz infrastruktura gurnamak we dowamly tehniki hyzmat işlerini ýerine ýetirmek.

Kiberhowpsuzlyk hyzmatlary

Öňdebaryjy howpsuzlyk çözgütlerini we bilermenleriň ukybyny ulanyp, kiber howplardan goragy üpjün etmek hyzmaty.

Biziň artykmaçlyklarymyz

100% ýerli hünärmenler we ýerli programma önümçiligi.

Degişli şahadatnamaly hünärmenler.

Hilli ýerli we daşary ýurtly hyzmatdaşlar.

Näme üçin bizi saýlaýarlar?

"Ynamly belentlik"-de tejribe, innowasion çemeleşme we sertifikatlaşdyrylan hünärmenlere esaslanýan ýerli toparymyz bar. Üstünlige bolan ygrarlylygymyz, taslamalaryňyzyň gowy ellerde bolmagyny we ussatlyk, yhlas bilen ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

Cisco CCNP Enterprise

Cisco

Cisco CCNP Security

Cisco

Cisco CCNP Service Provider

Cisco

Amazon AWS Certified Solutions Architect - Associate

Amazon Web Services Training and Certification

CompTia Server+

CompTIA

Cisco CCNA

Cisco

Juniper Networks Certified Associate (JNCIA-Junos)

Juniper Networks

Palo Alto Networks Certified Network Security Administrator

Palo Alto Networks

RIPE IPv6 Security Expert

RIPE NCC

(c) 2024, "Ynamly Belentlik".
Degişli hukuklar goralan.